Esasy dogalar   [doc]

TESBI DOGASY   [doc]

MUKADDES YBADATYŇ TERTIBI   [doc]

Täç dogasy   [doc]

Litaniıalar   [doc]

Gysgaldylan dini we ahlak esaslary  [doc]

 

İahıanyň birinji haty

 

[doc] = Word

 

 

 

 


Esasy dogalar

 

Haçly nyşany

 

+ Ata, Ogly, we Mukaddes Ruhyň ady bilen.

 

Taňrynyň dogasy

 

Asmandaky Atamyz! Adyň keramtly bolsun. Patyşalygyň gelsin. Asmanda bolşy ıaly, ıerde-de Seniň erkiň bolsun. Gündelik çöregimizi bize şu gün ber. Bergidarlarymyzy bagyşlaışymyz ıaly, Sen-de biziň bergimizi geç. Bizi günä etmekden sakla we mekir şeıtandan gora. Omyn.

 

Perişdäniň salamy

 

Şatlan Merıem, doly merhemetli! Reb Seniň bilendir. Sen aıallar arasynda mübäreksiň, we mübärekdir Seniň göwräniň miwesi Isa. Keramatly Merıem, Taňrynyň Enesi! Biz günäkärler üçin şu wagt we ölüm pursatynda doga et. Omyn.

 

Gysga şöhratlandyrma

 

Ata, Ogla we Gudratly Ruha şöhrat!

Şu wagt we ebedilik. Omyn.

 

Apostol ynanjyň nyşany

 

İeke-täk Hudaıa, Gudratly Ata, asman hem zeminiň Yaradana ynanıaryn. Isa Mesihe, Hudaıyň İeke-täk Ogla, Taňrymyza ynanıaryn. Ol Mukaddes Ruh we Keramatly Merıemiň üsti bilen doguldy; Pontiı Piladyň eııamynda ejir çekdi, haça çüılendi, dünıäden ötdi we jaılandy, ıogalanlaryň ıanyna düşdi, üç günden soň direldi; asmana çykyp, Atanyň sag tarapynda oturdy. Şol ıerden gelip, dirileri we ıogalanlary sud eder. Mukaddes Ruha, mukaddes Katolik Kilisä, keramatlylarynyň gatnaşygyna, günäleriň geçilmegine, bedeniň direlmegine, ebedi ıaşaışa ynanıaryn. Omyn.

 

Keramatly Merıemiň goramagyna ıüzlenme dogasy

 

Keramatly Merıem, Seniň goramagyna ıüzlenıäris. Bijaı şöhratly we keramatly Gyz, gynanjymyzda dogalarymyzy äsgermezlik etme, emma ähli howplylyklardan mydama gora. Hökümdarymyz, Goraıjymyz, Tarap tutujymyz, bizi Ogluň bilen ıaraşdyr, bizi Ogluňa ynanyp tabşyr, ählimizi Oglunuň ıanyna getir.


TESBI DOGASY

 

(Святой Розарий)

 

Şatlykly  Syrlar (Радостные Тайны)

 

1)   Keramatly Merıeme Hoş Habaryň berlişi.

2)   Keramatly Meryem İelizawetany görmäge gelişi.

3)   Isa Mesihiñ dogluşy.

4)   Isanyn sünnet edilişi (Rebbe hödürlemek).

5)   İetginjek Isanyň ıerusalimiň ybadathanasynda tapylmagy.

 

 

Gynançly Syrlar (Скорбные Тайны)

 

1)   Isanyñ Gefsiman bagynda dogasy.

2)   Isa Mesihiň gamçylamasy.

3)   Mesihe tikenli täjiň geıdirilişi.

4)   Isanyň Haçly ıörişi.

5)   Isanyň haça çüılemesi.

 

 

Şöhratly Syrlar (Славные Тайны)

 

1)   Isa Mesihiň Direlmesi.

2)   Tanrynyñ asmana galmasy.

3)   Mukkades Ruhuň inmegi.

4)   Keramatly Meryemin merhum bolmagy (asmana goterilmesi).

5)   Keramatly Meryemiň asmanda şohratlandyrylyşy.

 

 

ıalkymly Syrlar (Светлые Тайны)

 

1)   Isanyñ çokundyrmaklygy (çokundyrmagy)

2)   Jeliläniň (Galileya) Kana şäherinde nika toıy.

3)   Jennet hakda habar edilişi.

4)   Taňrynyň özgertmesi.

5)   Gizlin agşam nahary.

 

 


MUKADDES YBADATYŇ TERTIBI

 

BAŞLANGYÇ DÄPLERI

 

Hemmeler turıar.

Ruhany altaryň yanyna gelip, ony öpıär. Soňra bolsa, hemmeler haçly çokunıar we ruhany şeıle sözler bilen başlaıar:

Ruhany: Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen.

Hemmeler: Omyn.

Ruhany adamlary şeıle gutlaıar:

R.: Taňry siz bilendir.

İa da:

      Taňrymyz Isa Mesihiň gudraty, Ata Hudaıyň söıgi we Mukaddes Ruhuň baglanyşygy siz bilen bolsun.

H.: Hem seniň ruhyň bilendir.

 

Toba däbi

R.: Doganlar, Mukaddes Syrlylygy päk ıürek bilen ıerine ıetirmek üçin öz günälerimize akyl ıetireliň.

H.: Pikir, söz, iş we borjumy berjaı etmezlik bilen köp günä edenligim sebäbi, Gudratly Hudaıyň we siziň öňüňizde günämi boıun alıaryn. Meniň günäm, meniň günäm, meniň uly günäm. Şonuň üçin, Keramatly Merıemi, ähli perişdeleri, keramatly adamlary we sizi, doganlarym, Hudaı Taňrymyza doga okamagyňyzy soraıaryn.

R.: Goı Gudratly Hudaı günämizi geçsin we bizi bagyşlap, ebedi ıaşaışa getirsin.

H.: Omyn.

Hemmeler adym aıdıar, ya da okaıar:

R.: Taňrymyz, bizi bagyşla.

H.: Taňrymyz, bizi bagyşla.

R.: Mesih, bizi bagyşla.

H.: Mesih, bizi bagyşla.

R.: Taňrymyz, bizi bagyşla.

H.: Taňrymyz, bizi bagyşla.

ıa da:

R.: Kyrie eleison.

H.: Kyrie eleison.

R.: Christe eleison.

H.: Christe eleison.

R.: Kyrie eleison.

H.: Kyrie eleison.

Dynç güni, toba däbi deregine mukaddes suw sepmek däbi ıerine ıetirilıär. Suw sepmek däbinden soň ruhany şeıle doga bilen dowam edıär:

R.: Goı Gudratly Hudaı bizi günälerimizden tämizlesin, we İewharistiıa  däbi ıerine ıetirmek bilen bizi Onuň Patyşalygyň naharynyň gatnaşyjylary bolmaga mynasyp görsün.

H.: Omyn.

Dynç güni ıa da baıramçylyklarda hemmeler aşakdaky gimni aıdıar ıa da okaıar:

H.: Iň ıokarlarda Hudaıa şöhrat, ıer ıüzünde parahatlyk, adamlar arasynda hoşniıetlilik bolsun. Seni taryplaıarys, Saňa minnetdarlyk bildirıäris, Saňa sejde edıäris, Seni şöhratlandyrıarys, sebäbi Seniň şöhratyň beıikdir. Taňry Hudaıymyz, Asmandaky Patyşamyz, Gudratly Ata Hudaıymyz, Taňry İeke-täk Ogul, Isa Mesih, Taňry Hudaıymyz, Hudaıyň Guzusy, Atanyň Ogly, dünıäniň ähli günäleri öz üstüne alan – bizi bagyşla; dünıäniň ähli günäleri öz üstüne alan – dogamyzy kabul et; Atanyň sag tarapynda oturan ­ bizi bagyşla. Sebäbi Gudratly ıeke­täk Sensin, Taňry ıeke­täk Sensin, Isa Mesih, Mukaddes Ruh bilen, Ata Hudaıyň şöhratynda. Omyn.

R.: Doga okalyň:

Ruhany günüň dogasyny okaıar. Dogadan soň, hemmeler jogap berıär:

H.: Omyn.

Hemmeler oturıar.

 

SÖZ LITURGIİASY (YBADATY)

Söz Liturgiıasy bir ıa-da iki Köne we Täze Äht okaıyşyndan; mezmurdan, Injil öňi şygyryndan, we Injil okaıyşyndan ybaratdyr.

Okaıjy Okaıyşyny okap, şeıle sözler bilen gutarıar:

            O.: Hudaıyň Sözi.

            H.: Hudaıa minnetdarlyk.

Birinji Okaıyşyndan soň mezmur aıdylyp, onuň antifony (mezmuryň bir bölegi) hemmeler tarapyndan gaıtalanıar. Soňra Ikijni Okaıyş başlaıar (eger ol nazara alynıar bolsa).

Injil okaıyşdan öň hemmeler turıar.

Ruhany adamlara ıüzlenıär:

            R.: Taňry siz bilendir.

            H.: Hem seniň ruhyň bilendir.

            R.: N­nyň Injiliniň Okaıyşy.

Şol wagtda hemmeler öz maňlaıyny, agzyny we döşüni haçly çokunup, şeıle jogap berıärler:

            H.: Taňry, Saňa şöhrat.

Ruhany Injili okap, şeıle sözler bilen gutarıar:

            R.: Taňrynyň Sözi.

            H.: Mesih, Saňa şöhrat.

Soň ruhany öz wagyzyny başlaıar. Hemmeler oňy oturup diňleıär.

Wagyzdan soň hemmeler turıar.

Dynç güni ıa­da baıramçylyklarda Ynanjyň Nyşany aıdylıar ıa­da okalıar.

 

İeke-täk Hudaıa, Gudratly Ata, asman hem zeminiň, ähli görünıän we görünmeıäniň Yaradana ynanıaryn.

İeke-täk Taňry Isa Mesihe, Hudaıyň İeke-täk Ogla, Atadan asyrlaryň öň dogulana, Hudaıdan Hudaıa, İagtydan İagta, hakyky Hudaıdan hakyky Hudaıa, dogulana, ıaradylmadyga, ähli zady döreden Ata bilen bir bolana ynanıaryn. Biz we biziň halas bolmagy üçin Ol asmandan indi: Mukaddes Ruh we Keramatly Merıemiň üsti bilen dogulyp, adam keşbini aldy; Pontiı Piladyň eııamynda biziň üçin haça çüılendi; ejir çekip, dünıäden ötdi we jaılandy. Üç günden soň İazgylara görä direldi; asmana çykyp, Atanyň sag tarapynda oturdy.  Şöhrat bilen täzeden gelip, dirileri we ıogalanlary sud eder; we Onuň Patyşalygy ötmez.

Ata we Oglydan iberilıän Mukaddes Ruha, Taňry Ruhlandyryja ynanıaryn.  Ata we Ogly bilen Ol sejdä we şöhrata mynasypdyr. Pygamberleriň üsti bilen Ol welilik etdi. İeke-täk, Mukaddes, Katolik we Apostol Kilisä ynanıaryn. Günälerimizi geçilmegi üçin ıeke-täk çokundyrmaklyk däbine uııaryn. Dünıäden ötenleriň dirilmegini we geljekki eııamyň ıaşaışa garaşıaryn. Omyn.

 

Soňra mukaddes ıygnak Kiliseniň we ähli dünıänin işlerini doga bilen gurşap alıan Wepalylaryň Dogasy okayar.

 

İEWHARISTIİA LITURGIİASY (YBADATY)

Peşgeşleriň getirilmegi

Hemmeler oturıar.

 

Altara Kiliseniň dogasy boıunça, Mukaddes Ruhuň güıji bilen, Isa Mesihiň hakyky Beden we Gan boljak çörek we çakyr getirilıär.

Eger Peşgeşler altara dabara bilen getirilıän bolsa, onda hemmeler dabaraly ıörüş gutarıança ayakda durıar we gutaransoň oturıar.

Ruhany çörek alyp, şeıle diııär:

R.: Taňry, älemiň Hudaıy, sen Gudratlysyn; Seniň sahylygyň bilen bize zeminiň we adamlaryň zähmetiniň miwesi bolan çöregi berdiň. Biziň ıaşaıyş Çöregimiz bolmak üçin Saňa getirıäris. 

 

H.: Hudaı baky Gudratlydyr.

            R.: Goı, biz bu suw we çakyr syrlylygyň üsti bilen biziň üçin Adam keşbini Alanyň Hudaılygyna goşulalyň.

Ruhany käsäni alyp, şeıle diııär:

R.: Taňry, älemiň Hudaıy, sen Gudratlysyn; Seniň sahylygyň bilen bize şahanyň we adamlaryň zähmetiniň miwesi bolan çakyry berdiň. Biziň halas bolmagymyzyň Içgimiz bolmak üçin Saňa getirıäris. 

H.: Hudaı baky Gudratlydyr.

            R.:  Taňrymyz, bizi, ümsüm ruhymyz we gynançly ıüregimiz bilen Seniň öňünde duranlary kabul et. Taňry Hudaıymyz, goı, bu gurbanymyz Seniň öňünde ıaramly bolsun. Taňry, kanunsyzlygymy ıuwup tämizle we günälerimi geç.

Ruhany adamlara ıüzlenıär:

            R.: Doganlar, Çäksiz güıçli Ata Hudaıymyzyň öňünde meniň we siziň gurbanyňyz ıaramly bolmak üçin doga okaň.

            H.: Goı, Taňry, Öz adynyň hormatyna we şöhratyna, biziň we ähli Mukaddes Kilisesi abadanlygy üçin, seniň elinden bu gurbany kabul etsin.

Soňra Peşgeşleriň üstünde doga okalıar. Doga gutaransoň hemmeler jogap berıär:

            H.: Omyn.

 

İewharistiıa dogasy

            R.: Taňry siz bilendir.

            H.: Hem seniň ruhyň bilendir.

            R.: İüreklerimiz asmana götereliň.

            H.: Taňra göterıäris.

            R.: Hudaı Taňrymyza alkyş aıdyň.

            H.: Bu mynasypdyr we dogrydyr.

Soňra giriş doga okalıar. Doganyň soňunda hemmeler:

            H.: Keramaly, Keramatly, Keramatly, Taňry Hudaı Sawaof. Asman we zemin Seniň şöhratyň bilen doly. Iň ıokarlarda osanna. Taňrynyň ady bilen gadam urıan keramatlydyr. Iň ıokarlarda osanna.

Giriş dogadan soň İewharistiıa dogalaryndan (kanonlaryndan) biri okalıar.

 

Ikinji İewharistiıa dogasy

            R.: Taňry, her keramatlylygyň çeşmesi, hakykatdanam, Sen keramatlysyn. Şol sebäpli saňa doga okaıarys: Bu peşgeşleri, biziň üçin, Taňrymyz Isa Mesihiň Bedeni + we Gany bolsun diıip, olary keramatlandyr.

Hemmeler dyza çökıär.

Ol, Özüni ejire duçar edip, çöregi aldy; Saňa alkyş aıdyp, çöregi döwdi we Öz şägirtlerine şeıle sözler bilen paılady:

Bu çöregi hemmäňiz alyň we iıiň. Sebäbi bu siziň üçin duçar ediljek Bedenim.

Ruhany Keramatly Gurbany adamlara görkezıär we dyza çöküp, dowam edıär:

            Meňzeş görnüşde, agşam nahardan soň, eline käsäni alyp, ıene-de Saňa alkyş aıdyp, Ol Öz şägirtlerine şeıle sözler bilen berdi:

            Bu käseden hemmäňiz alyň we içiň. Sebäbi bu käse, siziň we köpleriň günäleri üçin dökülen, köne we täze ähtdäki, Ganymyň käsesidir. Buny Meniň hatyramyna ediň.

Ruhany Keramatly Gurbany adamlara görkezıär we dyza çöküp, turıar. Hemmeler ruhany bilen bir wagtda turıar.

            R.: Ynanjymyzyň syry beıikdir.

            H.: Taňry, ölümiňi habar edıäris, direlmegiňe ynanıarys we gelmegiňi garaşıarys.

İa-da:

R.: Ynanjyň syra baş egeliň.

            H.: Dünıäniň Halasgäri, bizi Haç we direlmegiň bilen bagyşladan, bizi halas et.

İa-da:

R.: Ynanjyň syry.

            H.: Mesih dünıäden ötdi, Mesih direldi, Mesih gaıtadan geler.

Ruhany dowam edıär:

            R.: Onuň ölümi we Direlmesini ıatlap, Taňry, Saňa ıaşaışyň Çöregini we halas bolmagyň Käsesini getirıäris. Seniň öňünde durmagymyzy we Saňa ybadat etmegimizi mynasyp görmegiň üçin Saňa alkyş aıdıarys. Mukaddes Ruh bizi, Mesihiň Bedeni we Gany kabul edıänleri, jemlemegi üçin ümsümlik bilen doga okaıarys. Taňry, bütin dünıäde ıaıran Kilisäňi ıatla; Papamyz N, ıepiskopymyz N we ähli ruhanylar bilen söıgüde ösmegine oňa kömek et.

            Direlme umydy bilen ıogalan doganlarymyzy we Seniň merhemetde ähli ıogalanlary hem ıatla we İüzüniň ıagtylygyna kabul et. Hemmämizi bagyşla we Keramatly Merıem, ähli keramatly Apostollar, (keramatly N) we Saňa ıaran ähli keramatly adamlar bilen Seni, Ogluň Isa Mesih üsti bilen, taryplamak we şöhratlandyrmak üçin ebedi ıaşaıyşda gatnaşmagyna kömek et.

            Mesihiň üsti bilen, Mesih bilen, we Mesihde, Saňa, Gudratly Ata Hudaıymyz, Mukaddes Ruhuň bitewiligi bilen, ebedi şöhrat we hormat.

            H.: Omyn.

 

İewharistiıa paılamagyň däbi

            R.: Halas ediji parzlar bilen öwredilip, Hudaı öwüdi bilen ruhlandyrylyp, towakga edeliň:

            Hemmeler:

            Asmandaky Atamyz! Adyň keramtly bolsun. Patyşalygyň gelsin. Asmanda bolşy ıaly, ıerde-de Seniň erkiň bolsun. Gündelik çöregimizi bize şu gün ber. Bergidarlarymyzy bagyşlaışymyz ıaly, Sen-de biziň bergimizi geç. Bizi günä etmekden sakla we mekir şeıtandan gora.

            R.: Taňry, bizi ähli ıaramaz zatlardan gora. Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmeginiň we keramatly ynamynyň amala aşyrmagyny garaşyp, Seniň merhemetiniň güıji bilen biz mydama günäden erkin bolmagymyzyň we her bir howsaladan goranmagymyzyň üçin biziň günlerimize parahatlygy ber.

            H.: Sebäbi patyşalyk, güıç we şöhrat mydamalyk Seniňkidir.

            R.: Taňry Isa Mesih, Sen Öz Apostollara şeıle diıdiň: Meniň parahatlygymy size goıup gidıärin, parahatlygymy size berıärin. Günälerimize däl-de, Öz Kilisäniň ynanjyna gara; we Seniň ygtyıaryna görä, ony ıaraşdyrmagyna we birleşdirmegine merhemet et. Sebäbi Sen mydamalyk ıaşaıarsyň we patyşalyk edıärsiň.

            H.: Omyn.

            R.: Taňrymyzyň parahatlygy goı siz bilen mydama bolsun.

            H.: Hem seniň ruhyň bilendir.

            R.: Biri-biriňize parahatlyk we söıgi bilen salam beriň.

Hemmeler biri-birine „Salam“ diıip, salam berıärler.

Ruhany ıuwaşlyk bilen şu dogany okaıar:

            Bu Käsede birleşdirilen Taňrymyzyň Isa Mesihiň Bedeni we Gany, goı, bize, ony kabul edıänlerine, ebedi ıaşaışa ıetmegine kömek etsin.

Şol wagt hemmeler aıdyp ıa-da sözläp başlaıarlar:

            Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi bagyşla.

            Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi bagyşla.

            Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bize parahatlyk ber.

Ruhany ıuwaşlyk bilen:

            Taňry Isa Mesih, goı, bu İewharistiıa meniň sud we ıazgarma hökmünde däl-de, Seniň merhemete görä ruhumy we bedenimi gorasyn we sagaltsyn.

Hemmeler ruhany bilen bir wagtda dyzyna çökıärler.

Peşgeşleri adamlara görkezip, ruhany:

            R.: Ynha, Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan. Guzynyň agşam naharyna çagyrylanlar keramatlydyr.

            H.: Taňry, Seniň mesgenime girmegiňe men mynasyp däl, diňe birje söz aıt, ruhym sagalar.

Ruhany İewharistiıa däbini ıerine ıetirende, ıuwaşlyk bilen:

            Mesihiň Bedeni, goı, meni ebedi ıaşaıyş üçin gorap saklasyn.

            Mesihiň Gany, goı, meni ebedi ıaşaıyş üçin gorap saklasyn.

Ruhany adamlara İewharistiıany paılap başlaıar.

İewharistiıany diňe çokundyrylan, ıakynda toba eden we wyždanda agyr günä bolmadyk adamlar alyp bilıär. Öılenen adamlar nikalaşdyrylan bolmalydyr.

Ruhany İewharistiıa berende:

            Mesihiň Bedeni.

İa-da:

            Mesihiň Bedeni we Gany.

İewharistiıany alan şeıle jogap bermelidir:

Omyn.

İewharistiıa paılamagy gutaransoň, ruhany Käsäni arassalap, doga okamaga çagyrıar:

            R.: Doga okalyň.

Yzyndan ruhany doga okap başlaıar. Doga gutaransoň, hemmeler jogap berıär:

            H.: Omyn.

 

Jemleıji däp

            R.: Taňry siz bilendir.

            H.: Hem seniň ruhyň bilendir.

İepiskop şeıle diııär:

            Goı, Taňrynyň ady keramatly bolsun.

            H.: Mundan bu ıana we ebedilik.

            Kömegimiz Taňrynyň adynda.

            H.: Asman we zeminiň İaradanyň.

Ruhany pata berip, şeıle diııär:

            Goı Gudratly Hudaı, Ata, Ogul, + we Mukaddes Ruh size pata bersin.

Hemmeler haçly çokunyp, jogap berıärler:

            H.: Omyn.

            R.: Parahatlyk bilen baryň, Ybadat tamamlandy.

İa-da:

            R.: Mesihiň parahatlygy bilen baryň.

            H.: Hudaıa minnetdarlyk.

Ruhany altary öpıär we gidıär. Tamamlaıjy aıdym aıdylıar. Ruhany gidensoň, hemmeler oturyp bilıär.


Litaniıalar

 

Litaniıa – doganyň bir görnüşi bolup, onda adamlar alyp baryjynyň ıüzlenmesine şol bir ses ıüzlenme bilen jogap berıär. Katolik Kilisäniň ilkinji litaniıasy, Ähli Keramatlylara Litaniıasy boldy. Kilise esasy alty litaniıalary jemagat öňünde ulanyp, galany şahsy doga üçin niıetleıär.

Isanyň Adyna Litaniıasy

 

Taňry, bizi bagyşla

 

Mesih, bizi bagyşla. Taňry, biz bagyşla.

 

Mesih, bize gulak as. Mesih bizi eşit.

Asmandaky Ata Hudaıymyz, bizi bagyşla.

Ogul, dünıäniň Halasgäri, Hudaı,

Mukaddes Ruh, Hudaı,

Keramatly Troisa, ıeke-täk Hudaı,

Isa, diri Hudaıyň Ogly,

Isa, Atanyň İalkymy,

Isa, ebedi ıagtynyň ıalpyldamasy,

Isa, hakykatyň Güneşi,

Isa, Merıem Gyzyň Ogly,

Isa, iň şatlykly,

Isa, iň täsin,

Isa, güıçli Hudaı,

Isa, geljek eııamyň Atasy,

Isa, beıik geňeşiň Perişdesi,

Isa, gudratly,

Isa, gaty çydamly,

Isa, hemme zada gulak asyjy,

Isa, ıüregi ıumşak we ümsüm,

Isa, päkligi söıen,

Isa, dünıäniň Hudaıy,

Isa, ıaşaıyş beriji,

Isa, ıagşylygyň Mysaly,

Isa, biziň ruhumyz ugrunda yhlas ediji,

Isa, Hudaıymyz,

Isa, Arkamyz,

Isa, pukaralaryň Atasy,

Isa, wepalylaryň Hazynasy,

Isa, rehimli Ruhany,

Isa, hakyky İagty,

Isa, baky Hikmet,

Isa, ebedi İagşylyk,

Isa, perişdeleriň Şatlygy,

Isa, patriarhlaryň Patyşasy,

Isa, apostollaryň Halypasy,

Isa, ıewangelistleriň Ruhlandyryjy,

Isa, azaplaryň Berkligi,

Isa, toba edıänleriň İagtysy,

Isa, gyzlaryň päkligi,

Isa, ähli keramatlylaryň Taji,

Bize merhemetli bol, Isa, bizi bagyşla.

Bize merhemetli bol, Isa, bizi eşit.

Ähli ıaramaz zatlardan, Isa, bizi gora.

Ähli günälerden,

Gahar-gazabyňdan,

Şeıtan mekirliklerden,

Arwahdan,

Ebedi ölümden,

Ygtyıaryňa gulak asmazlykdan,

Adam keşbini almagyň keramatly syry üçin,

Dünıä inmegiň üçin,

Çagalygyň üçin,

Taňry ıaşaışyň üçin,

Zähmetleriň üçin,

Ölümiň öň ıanyndaky göreşiň üçin,

Hajyň we goıup gitmekligiň üçin,

Agyr hasratlaryň üçin,

Ölümiň we jaılanmagyň üçin,

Direlmeginiň üçin,

Asmana galmagynyň üçin,

Seniň kesgitlenen Mukaddes İewharistiıa üçin,

Şatlygyň üçin,

Şöhratyň üçin,

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi bagyşla.

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi eşit.

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, biziň günämizi geç.

Isa, bize gulak as.

Isa, bizi eşit.

 

Ruhany: Doga okalyň: Taňry Isa Mesih, Sen: “Diläň, size berler, agtaryň, taparsyňyz, gapyny kakyň, size açylar”, diıip aıtdyň. Seni ähli ıüregimiz bilen söımek, we agyz hem iş bilen Seni mydama şöhratlandyrmak bize bermegiňi dileıäris. Taňry, Seniň keramatly Adyna baky hormat goıma we söıgi bize peşgeş ber. Sen hiç haçan Saňa bolan söıgüde berkedenlerini goımaıarsyn, sebäbi Sen mydama ıaşaıarsyn we patyşalyk edıärsin. Omyn.

 

Keramatly Merıeme (Loretan) Litaniıasy

 

Taňry, bizi bagyşla

Mesih, bizi bagyşla. Taňry, biz bagyşla.

Mesih, bize gulak as. Mesih bizi eşit.

Asmandaky Ata Hudaıymyz, bizi bagyşla.

Ogul, dünıäniň Halasgäri, Hudaı,

Mukaddes Ruh, Hudaı,

Keramatly Troisa, ıeke-täk Hudaı,

Keramatly Merıem, biziň üçin doga oka,

Keramatly Hudaıyň Enesi,

Keramatly gyzlaryndan Gyzy,

Isanyň Enesi,

Kilisäniň Enesi,

Hudaı gudratynyň Enesi,

Baky Ene,

Bijaı tämiz Ene,

Päk Ene,

Günäsiz Ene,

Bijaı söıülıän Ene,

Bijay täsin Ene,

İagşy nesihatyň Enesi,

İaradanyň Enesi,

Halasgäriň Enesi,

Has paıhasly Gyz,

Örän hormatly Gyz,

Bijaı güıçli Gyz,

Merhemetli Gyz,

Wepaly Gyz,

Adalatyň Aınasy,

Hikmetiň Tagty,

Mukaddes Ruhuň keramatly ıeri,

Hudaıyň şöhratynyň keramatly ıeri,

Çuň dindarlygyň keramatly ıeri,

Syrly Bägül,

Dawudyň Minarasy,

Pil süňkünden Minara,

Gymmat bahaly Ymarat,

Wesıetiň Saklanıan İeri,

Asman Gapysy,

Irki İyldyz,

Syrkawlaryň Sagalmasy,

Günäkärleriň Arkasy,

Gam çekıänleriň Ynjalygy,

Hristianlaryň kömegi,

Perişdeleriň Patyşa Gyzy,

Patriarhlaryň Patyşa Gyzy,

Pygamberleriň Patyşa Gyzy,

Apostollaryň Patyşa Gyzy,

Azaplaryň Patyşa Gyzy,

Toba edıänleriň Patyşa Gyzy,

Gyzlaryň Patyşa Gyzy,

Ähli keramatlylaryň Patyşa Gyzy,

Ilkinji günäsiz göwreli bolan Patyşa Gyzy,

Asmana göterilen Patyşa Gyzy,

Keramatly Gülli tesbiniň Patyşa Gyzy,

Maşgalanyň Patyşa Gyzy,

Dünıäniň Patyşa Gyzy,

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi bagyşla.

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, bizi eşit.

Hudaıyň Guzusy, dünıäniň günälerini öz üstüne alan, biziň günämizi geç.

 

         Keramatly Merıem, Seniň goramagyna ıüzlenıäris. Bijaı şöhratly we keramatly Gyz, gynanjymyzda dogalarymyzy äsgermezlik etme, emma ähli howplylyklardan mydama gora. Hökümdarymyz, Goraıjymyz, Tarap tutujymyz, bizi Ogluň bilen ıaraşdyr, bizi Ogluňa ynanyp tabşyr, ählimizi Oglunuň ıanyna getir.

         R.: Keramatly Merıem, biziň üçin doka oka.

         H.: Goı, Mesihiň wadalaryň amala aşyrmagyna mynasyp bolalyň.

         R.: Doga okalyň: Taňry Hudaıymyz! Bize bedenimiziň we ruhumyzyň saglygyny merhemet et. Keramatly Merıemiň howandarlygy bilen, zeminde ıaramaz zatlardan gora we asmanda baky şatlygyny peşgeş ber. Taňrymyz Isa Mesihiň üsti bilen. Omyn.

 


Täç dogasy

Hudaıyň Merhemetiniň Täji

 

Bu dogany keramatly monah gyzy Faustina Kowalskaıa öz görüşinde Isadan aldy. Köplenç bu doga gündiz sagat üçde (Isanyň haçda ölmegiň sagady) okalıar.

Ilki başda okamaly dogalar:

Asmandaky Atamyz..., Şatlan Merıem..., Ynanjyň nyşany.

Uly tesbi dänelerde:

Baky Atamyz, ähli dünıäniň we biziň günälerimizi geçmek üçin, Saňa eı görülıän Ogluň, Taňrymyz Isa Mesihiň Bedeni, Gany, Ruhy we Hudaılygy getirıärin.

Kiçi tesbi dänelerde:

Onuň Azaplarynyň hatyrasyna bize we dünıä rehimli bol.

Soňunda (üç gezek):

Gudratly Hudaı, Gudratly Çäksiz Güıçli, Gudratly Baky, bizi we ahli dünıäni bagyşla.

Şonuň bilen birlikde, aşakdaky dogany okap bolıar:

Isanyň ıarylan İüreginden akan Gan we Suw, biziň üçin merhemetiniň çeşmesi hökmünde saňa tama edıäris.

Isa, Saňa tama edıärin! (3 gezek).


Gysgaldylan dini we ahlak esaslary

 

Hudaıyň on parzlary

 

1.    Men seniň Hudaıyň; goı seniň Menden başga beıleki hudaılar bolmasyn.

2.    Hudaıyň adyny boş ıere sözleme.

3.    Taňrynyň gününi mukaddes etmegini unutma.

4.    Öz ata-enesini syla.

5.     Öldürme.

6.    Zyna etme.

7.    Ogurlyk etme.

8.    İakynyň garşysyna ıalan şaıatlyk etme.

9.    İakynyň aıalyny arzuw etme.

10. İakynyň emlägini arzuw etme.

 

Ynanjyň alty hakykady

 

1.    Hudaı ıeke-täkdir.

2.    Hudaı adalatlydyr.

3.    Hudaıyň üç keşbi bar: Hudaı Ata, Hudaı Ogul, Hudaı Mukaddes Ruh

4.    Hudaıyň Ogly adam hökmünde dogulyp, biziň halas bolmagy üçin  haçda öz janyny berdi.

5.    Adamyň ruhy bakydyr.

6.    Hudaıyň gudraty halas bolmak üçin zerurdyr.

 

Söıgüniň iki esasy parzy

 

  1. Taňryňy ähli ıüregiň, ruhuň, düşünişiň, güıjiň bilen söı

  2. İakyny özüň ıaly söı.

 

Kiliseniň bäş parzy

 

  1. Kiliseniň bellenilen günlerini mukaddes etmek.

  2. Dynç güni we baıramçylyk günlerinde Mukaddes Liturgiya gatnaşmak.

  3. Kiliseniň bellenilen agyz bekleme günlerini berjaı etmek.

  4. İylda hiç bolmasa bir gezek, pasha döwründe, toba etmek we İewharistiıa däbini ıerine ıetirmek.

  5. Gadagan edilen döwründe uly toı etmeli däl.

Mukaddes Ruhuň ıedi peşgeşi

  1. Hikmet.

  2. Akyl.

  3. Nesihat

  4. Berklik

  5. Ygtyıarlylyk

  6. Dindarlyk

  7. Hudaıyň gorky.

 

Mukaddes Ruhuň miweleri

 

  1. Söıgi

  2. Şatlyk

  3. Parahatlyk

  4. Sabyrlylyk

  5. Hoşniıetlilik

  6. Merhemetlilik

  7. Ynanç

  8. Boıun egijilik

  9. Ortalyk

 

Injiliň üç nesihady

 

  1. Meıletin garyplyk

  2. Tüıs päklik

  3. Hemişelik boyun synma

 

Keramatlylygyň parzlary

 

  1. Ruhy garyplar keramatlydyr, sebäbi Asmandaky Patyşalygy olaryňkydyr.

  2. İaslylar keramatlydyr, sebäbi olara göwünlik beriler.

  3. Mylaıym adamlar keramatlydyr, sebäbi olar ıeri miras alarlar.

  4. Dogrulyga ajygyp-suwsanlar keramatlydyr, sebäbi olar doıup-ganarlar.

  5. Rehimliler keramatlydyr, sebäbi olara rehim ediler.

  6. İüregi päkler keramatlydyr, sebäbi olar Hudaıy görerler.

  7. Parahatlyk döredıänler keramatlydyr, sebäbi olara Hudaıyň ogullary diıler.

  8. Dogrulyk ugrunda yzarlananlar keramatlydyr, sebäbi Asmandaky Patyşalygy olaryňkydyr.

 

İedi Mukaddes Syrlylygy

 

  1. Çokundyrmaklyk

  2. Miro bilen çalmaklyk

  3. İewharistiıa

  4. Toba etmeklik

  5. İeleı bilen çalmaklyk

  6. Ruhanylyk

  7. Nikalaşmaklyk

 

Üç ıagşylygy

 

  1. Ynanç

  2. Umyt

  3. Söıgi

 

Ahlaky ıagşylyklary

 

  1. Paıhaslylyk

  2. Adalatlylyk

  3. Batyrlyk

  4. Saklanmaklyk

 

Esasy ıagşylyklar

 

  1. Doga

  2. Agyz bekleme

  3. Yhsan

 

Ruh üçin kerem işler

 

  1. Günäkär adamy dogry ıola gönükdirmek

  2. Nadan adamy öwretmek

  3. Ikirjiňlenıän adama maslahat bermek

  4. Gam çekıän adama göwünlik bermek

  5. Kynçylygy sabyrlylyk bilen geçirmek

  6. Ynjamany tüıs ıürekden bagyşlamak

  7. Diri we ıogalan adamlar üçin doga okamak

 

Beden üçin kerem işler

 

  1. Ajygany iıdirmek

  2. Suwsaıan adamy içirmek

  3. İalaňaç adamy geıindimek

  4. Syıahatçyny öz öıüne kabul etmek

  5. Syrkawy soramaga barmak

  6. Tussag adamy görmäge barmak

  7. İogalany jaılamak

İedi esasy günäler

 

  1. Gopbamsylyk

  2. Gysgançlyk

  3. Azgynlyk

  4. Göriplik

  5. Iıejeňlik

  6. Gahar-gazap

  7. İaltalyk